Oýun sanawy


Singapurda gargalaryň sanynyň artmagy jemgyýetçilik kynçylygyna öwrüldi
27 Aprel. 13:30Singapur şäher-döwletiniň häkimiýetleri we ýaşaýjylary soňky wagtlarda gargalaryň sanynyň çendenaşa köpelmegi bilen bagly çylşyrymly ýagdaýa duçar boldular. Maglumatlara görä, bu guşlar diňe bir özleriniň sany bilen däl, eýsem adatdan daşary akyllylygy we mekir häsiýetleri bilen hem tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda şäherde gargalaryň umumy sany 160 müňe ýetip, bu görkeziji her 38 ýaşaýja ortaça bir guşyň düşýändigini aňladýar.
Ýerli ilat tarapyndan gowuşýan şikaýatlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Adatdan daşary ses-garas, daşky gurşawyň hapalanmagy we guşlaryň adamlara garşy agressiw hereketleri esasy nägilelikleriň gözbaşy bolup durýar. Hasabata görä, diňe geçen ýylyň dowamynda gargalaryň hüjümine sezewar bolan 2 müňden gowrak hadysa hasaba alyndy. Bilermenler munuň esasy sebäbini şäherdäki iýmit galyndylarynyň we jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň köplügi bilen baglanyşdyrýarlar.
Häkimiýetler tarapyndan gargalaryň sanyny kadalaşdyrmak üçin dürli çäreler, şol sanda höwürtgeleri aýyrmak we guşlary tutmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Hatda alty ýyllyk arakesmeden soňra, olary ýok etmek baradaky iň soňky çäreler hem dikeldildi. Diňe 2025-nji ýylda 13 müňe golaý garga tutulsa-da, bu sanly çäreler umumy ýagdaýy düýpli üýtgedip bilmedi, sebäbi guşlar täze şertlere gysga wagtyň içinde uýgunlaşmagy başardylar.
Hünärmenleriň pikiriçe, bu meseläniň netijeli çözgüdi diňe bir san taýdan gözegçilikde däl, eýsem şäheriň sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmakda jemlenýär. Zibilhanalary we garbanyşhanalary talaba laýyk dolandyrmak arkaly gargalaryň iýmit çeşmesini çäklendirmek iň möhüm ädimleriň biri hasaplanýar. Şeýlelikde, adam faktorynyň göz öňünde tutulmagy bu "mekir" guşlar bilen göreşde esasy strategiýa bolup durýar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.