Oýun sanawy


Dünýä çempionatynyň finalynyň öňüsyrasynda Nýu-Ýorkyň ýaşaýjylaryna tüsseli howa sebäpli öýde galmak maslahat berildi
17 Iýul. 11:22Ýekşenbe güni Nýu-Jersi şäherinde geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky final duşuşygynyň öňüsyrasynda Nýu-Ýork we Nýu-Jersi sebitlerinde howanyň hili çynlakaý ýagdaýda ýaramazlaşdy. Bu kynçylyga goňşy Kanadada dowam edýän we tutuş asmany çal reňke boýan tokaý ýangynlarynyň güýçli tüssesi sebäp boldy. Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, sebitde howanyň hiliniň görkezijisi (AQI) häzirki wagtda 151–200 bal aralygynda saklanýar. Bu görkeziji kadaly we arassa hasaplanýan 0–50 bal aralygyndan birnäçe esse ýokarydyr.
Howanyň hapalanmagy boýunça bilermen Maýkl Petroniniň «New York Post» neşirine beren beýanatynda aýtmagyna görä, şeýle tüsseli howada bir günüň dowamynda gezip dem almak, takmynan 10 sany çilim çekmek bilen barabardyr. Ownuk zäherli bölejikler göni gan aýlanyşygyna aralaşyp, adamyň immun ulgamyny gowşadýar, ýürek-damar we düwnük keselleriniň döremek howpuny artdyrýar. Şonun üçin ýerli häkimiýetler ýaşaýjylara we finala gelen janköýerlere açyk howada bolýan wagtlaryny çäklendirmegi we beden işjeňliginden saklanmagy berk maslahat berýärler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.