Oýun sanawy

Gazagystanda daşary ýurtly raýatlar üçin täze elektron gözegçilik ulgamy girizilýär

13 Awgust. 14:58

Çeşme

Gazagystan Respublikasynyň serhetlerinden geçýän daşary ýurt raýatlary üçin döwlet serhedinden geçmegiň tertibine düýpli özgertmeler girizilýär. Ýurduň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, mundan beýläk ýurda girmek isleýän ähli daşary ýurtly raýatlar, şol sanda Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän döwletleriň raýatlary hem öňünden elektron rugsatnamany resmileşdirmeli bolarlar.

Täze girizilýän düzgünlere we taslama laýyklykda, degişli rugsatnamany ýurda gelmezden azyndan 72 sagat öň «QazETA» diýlip atlandyrylan ýörite sanly goşundy arkaly almak talap edilýär. Alynan elektron rugsatnama resmileşdirilen gününden başlap 180 günüň dowamynda öz hukuk güýjüni saklaýar. Ilki başda bu sanly Hyzmat mugt esasda hödürlense-de, geljekde muny amala aşyrmak üçin girizilmegi meýilleşdirilýär.

Serhet gözegçiliginiň täze amallary gözegçilik-geçiriş nokatlaryna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylar. Batly başlangyç sentýabr aýynyň başyndan iri halkara aeroportlarda ýola goýlup, sabynky tapgyrlarda — awtomobil we demirýol geçiriş nokatlarynda hem doly güýje giriziler. Ulgamyň basgançakly ornaşdyrylmagy käbir serhet zolaklarynda internet üpjünçiliginiň tehniki mümkinçiliklerini ýazgylamaga hem-de düzeltmäge şert döreder.

Häzirki wagtda Gazagystanyň hökümet derejesinde degişli kadalaşdyryjy namalar döwlet edaralarynyň arasynda doly ylalaşylmak tapgyryny geçýär. Täze ulgam serhet barlaglarynyň netijeliligini artdyrmak hem-de köpçülikleýin migrasiýa akymlaryny sanlylaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌