Oýun sanawy


Demirgazyk ýarymşarda seýrek duş gelýän doly Gün tutulmasy amala aşdy
13 Awgust. 08:15Planetamyzyň Demirgazyk ýarymşarynyň ýaşaýjylary we astronomiýa höwesjeňleri seýrek duş gelýän tebigy hadysa şaýat boldular. Agşamara amala aşan doly Gün tutulmasy giň gerimli çäkleýin zolakda aýdyň göründi. Tebigy kölegäniň doly fazasy esasan Grenlandiýa, Islandiýa, Portugaliýa we Ispaniýa ýaly ýurtlaryň çäklerinden geçip, müňlerçe synçylary özüne çekdi.
Ýewropanyň beýleki iri şäherlerinde bolsa Aý diskiniň Günüň 85 göteriminden 95 göterimine çenli bölegini çäklendirmegi netijesinde ýarym-gije görünşli atmosferalary emele geldi. Bu waka Kontinental Ýewropanyň çäklerinde 1999-njy ýyldan bäri registrirlenen ilkinji doly Gün tutulmasy hökmünde taryha girdi. Ýörite gözegçilik çärelerine gatnaşmak üçin sebitiň ilaty birnäçe gün öňünden Taýýarlyk gördi.
Astrofiziki gözegçilik üçin niýetlenen gorag äýnekleri we optiki enjamlar söwda nokatlarynda gysga wagtyň içinde doly satylyp gutaryldy. Ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar gözegçilik nokatlaryna daňdan ir bilen ýygnanyp, taryhy gözegçiligi amala aşyrdylar. Şeýle hem iri obserwatoriýalar we kruiz gämileri alnan gözleg maglumatlaryny tassykladylar.
Gözegçiler we ylmy jemgyýetçilik indiki meňzeş tebigy hadysa 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda garaşýarlar. Şol senede bolup geçjek doly Gün tutulmasynyň esasy fazasyny Ispaniýanyň günorta sebitleýin zolaklarynda hem-de Demirgazyk Afrikanyň çäklerinde synlamak mümkin bolar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.