Oýun sanawy


Disney kompaniýasyna garşy ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi
20 Maý. 06:04Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde biometrik identifikasiýa ulgamlarynyň ulanylmagy bilen baglylykda Disney kompaniýasy kazyýet işine çekildi. Bir grup myhman tarapyndan berlen köpçülikleýin şikaýat arzasyna görä, seýilgäh administrasiýasy gelýänleri şahsy maglumatlaryň ýygnanylmagy we işlenilmegi barada ýeterlik derejede habardar etmändir. Arza berijiler ýüzüň skanirlenmeginiň öňünden ýazmaça razylyk alynmazdan amala aşyrylýandygyny we munuň şahsy durmuşyň gizlinligini bozýandygyny öňe sürýärler.
Şikaýatçylaryň bähbitlerini aklawçy Bleýk Ýagman goraýar we ol duýgur biometrik maglumatlaryň ýygnanylmagynyň diňe ulanyjynyň meýletin hem-de anyk tassyklamasyndan soň mümkindigini nygtaýar. Kazyýet arzasynyň mazmunynda kompaniýanyň häzirki tejribesiniň myhmanlaryň öz şahsy maglumatlaryna eýeçilik etmek hukugyny äsgermezçilik edýändigi bellenilýär. Köňül açyş ägirdine bildirilýän maddy talabyň möçberi azyndan 5 million ABŞ dollaryna barabardyr.
Resminamada maglumatlary saklamagyň düzgünlerine bolan şübhelere aýratyn orun berilýär. Disney kompaniýasynyň ýüzüň sanly nusgalarynyň 30 günüň dowamynda öçürilýändigi baradaky resmi beýanatyna garamazdan, arzaçylar bu maglumatlaryň has uzak möhletleýin saklanýandygyny çaklaýarlar. Bu şübheler ulgamyň täze skanirlenen şekilleri bilet satyn alnanda ýa-da ýyllyk abonentler resmileşdirilende berlen fotosuratlar bilen deňeşdirýändigi sebäpli ýüze çykdy.
Ýüzi tanamak tehnologiýasy bilet barlagyny çaltlandyrmak we girişdäki nobatalary azaltmak maksady bilen 2026-njy ýylyň aprel aýynda ornaşdyrylypdy. Emma hukuk goraýjylaryň pikiriçe, tehnologik kämilleşdirme kiberhowpsuzlyk we aýdyňlyk kadalarynyň bozulmagyna sebäp bolmaly däldir. Indi kazyýet Disney-iň ulanýan usullarynyň şahsy durmuşy goramak baradaky kanunçylyga nähili laýyk gelýändigine baha bermeli bolar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.