Oýun sanawy

Özbegistan bilen Hindistan 30 günlük wizasyz düzgün girizmek hakda ylalaşdylar

01 Sen. 11:44

Çeşme

Özbegistan Respublikasy bilen Hindiston Respublikasy özara syýahatçylyk we diplomatik gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen 30 güne çenli wizasyz syýahat etmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga geldiler. Bu möhüm şertnama Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanyldy. Liderler 2026–2028-nji ýyllar üçin syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça giň göwrümli maksatnama gol çekdiler.

Täze düzgünlere we ylalaşyklara layyklykda, Özbegistanyň raýatlary Hindistana baranlarynda 30 güne çenli wizasyz bolup bilerler. Edil şol bir wagtyň özünde, Özbegistana barjak Hindistanyň raýatlary üçin hem meňzeşje wizasyz tertip ýola goýlar. Bu ädim iki ýurduň arasyndaky syýahatçylaryň akymyny görnetin artdyrmaga uly tásir eder.

Bilelikdäki hyzmatdaşlyk maksatnamasy diňe bir wizasyz syýahatlary däl, eýsem medeni aragatnaşyklary hem öz içine alýar. Şol sanda iki ýurduň arasynda täze syýahatçylyk ugurlaryny açmak, bilelikdäki medeni çäreleri we kinofestiwallary gurnamak ýaly wajyp taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌