Oýun sanawy

Waşingtonda ABŞ-nyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçýän çärede ýaragly hüjüm boldy

27 Aprel. 05:06

Çeşme

Waşington şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Washington Hilton» myhmanhanasynda guralan dabaraly agşamlygyň dowamynda adatdan daşary waka ýüze çykdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň metbugat wekilleri we ýokary derejeli döwlet resmileri bilen duşuşýan pursadynda näbelli şahsyýet tarapyndan ok atyldy. Howpsuzlyk gulluklarynyň gyssagly müdahile etmegi netijesinde hüjümçi dessin tussag edildi.

Waka netijesinde ABŞ-nyň Gizlin gullugynyň bir işgäriniň ýaralanandygy bellenilýär, emma lukmanlar onuň ýagdaýynyň durnuklydygyny we janyna howp abanmaýandygyny habar berdiler. Prezident we onuň maşgalasy hüjümden zyýan çekmedi we gysga wagtyň içinde howpsuz ýere göçürildi. Ýerli häkimiýetler hüjüm edeniň Kaliforniýa ştatynyň 31 ýaşly ýaşaýjysy Koul Tomas Allendigini we onuň myhmanhananyň içinde birnäçe ýarag göterendigini anykladylar.

Donald Tramp bolan waka barada gysgaça düşündiriş berip, özüniň alyp barýan syýasy işleriniň käbir taraplar üçin oňaýsyzdygyny we munuň şeýle kast edişliklere sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Ol özüniň we toparynyň howpsuzlygyny üpjün eden gulluklara minnetdarlyk bildirdi. Ýüze çykan bu ýagdaý sebäpli dabaraly çäre wagtlaýyn toktadylyp, has giçki möhlete geçirildi.

Häzirki wagtda federal derňew edaralary wakanyň sebäplerini we hüjümçiniň maksadyny öwrenmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar. Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýolbaşçylary bolan waka bilen baglylykda ABŞ-nyň Prezidentine özleriniň duýgudaşlyk we goldaw sözlerini ýolladylar. Bu waka ýurtda geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň howpsuzlyk kadalaryna gaýtadan seretmek zerurlygyny ýüze çykardy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌