Oýun sanawy


ÝUNESKO: Howanyň üýtgemegi dünýäniň taryhy mirasynyň 80%-ine wehim salýar
14 Maý. 16:08ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlan täze hasabatyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň agramly bölegi tebigy apatlar sebäpli ýok bolup gitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ozal taryhy binalar esasan uruşlar netijesinde zeper çekýän bolsa, häzirki wagtda aşa gyzgynlyk, tupanlar we ýerasty suwlaryň düzüminiň üýtgemegi esasy wehimleri emele getirýär. Bu ýagdaý gadymy daş we agaç desgalaryň maddy düzümini ymykly bozýar.
Yragyň günortasyndaky 4000 ýyllyk taryhy bolan Ur zigguraty we Wawilon şäheriniň galyndylary gurakçylykdan uly zeper çekýär. Howanyň aşa gyzmagy netijesinde ýerasty suwlaryň şorlaşmagy gadymy kerpiçleriň içinden drakramagyna sebäp bolýar. Eýranda bolsa, Yspyhan şäheriniň taryhy metjitleri ýeriň çökmegi we suw derejesiniň peselmegi sebäpli howp astyndadyr. IX asyra degişli bolan ajaýyp gümmezlerde dörän jaýryklar medeni mirasyň ýykylyp biljekdiginden habar berýär.
Pasha adasyndaky meşhur Moai heýkelleriniň ýene on ýylyň dowamynda umman suwlarynyň astynda galmagy mümkin. Deňiz derejesiniň ýokarlanmagy adanyň medeni gymmatlyklarynyň ýarysyndan gowragyna täsir edýär. Bu diňe bir taryhy ýadygärlikleriň ýitirilmegi däl, eýsem adanyň esasy girdeji çeşmesi bolan syýahatçylygyň hem çökmegine getirip biler. Alymlar bu ägirt uly daş heýkellerini gorap saklamak üçin halkara derejesinde gyssagly çäreleriň görülmelidigini nygtaýarlar.
Beýik Hytaý diwarynyň hem häzirki wagtda diňe 6%-i gowy ýagdaýda saklanyp galdy. 21 000 kilometrlik bu ägirt uly desganyň uly bölegi dykyzlandyrylan toprakdan gurlanlygy sebäpli, ýel we ýagyş ony kem-kemden weýran edýär. Bilermenler diwaryň üstüni mohlardan we lişaýniklerden ybarat bolan «biogabyk» bilen örtmegi teklip edýärler. ÝUNESKO-nyň bu hasabaty howa üýtgemeleriniň diňe bir şu günki durmuşymyza däl, eýsem müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelen adamzat taryhyna hem uly zarba urýandygyny görkezýär.
Şeýle hem okanyň


92 ýaşynda ilkinji gezek agtykly bolan amerikan raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
24 Okt. 09:04Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde doglan 96 ýaşly amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu seýrek rekordy resmi taýdan awgust aýynda, ýagny ýaşulynyň 96 ýaşyny belledigi döwürde ykrar edildi. Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna hakyky manysynda täzeden ýaşaýyş we egsilmez ruhi kuwwat berdi. Mundan öňki rekord 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ilkinji gezek ata/baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.
Normand 17 çagaly katolik maşgalasynda ulalyp, zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog hökmünde geçirdi. Ol 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde «The Washington Post» gazetiniň redaktory Meri Luiza bilen adagly bolup, bäş ýyldan soň olaryň Kerri atly gyzy dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60 ýaşyndady. Pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen esasan özi meşgullanan Normand elmydama yaş görünýändigi we ruhy taýdan juwandyggy bilen tapawutlanypdyr.
Häzirki wagtda Normand we Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak maksady bilen Wirjiniýadan bu ýere göçüp geldiler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 96 ýaşly baba öz wagtyny kitap okamak, tapmaçalar çözmek hem-da söýgüli agtygy we maşgalasy bilen bile geçirmekden uly lezzet alýar.