Oýun sanawy


Beýik Britaniýada funt millionerleriniň sany azaldy: ykdysady görkezijileriň peselmegi
29 Iýul. 17:34Beýik Britaniýada funt statistikasy boýunça bellenilýän millionerleriň sany 2008-nji ýylyň ählumumy maliýe maýyllygyndan bäri iň pes derejä düşdi. Adam Smit institutynyň geçiren ylmy barlaglarynyň netijelerine salgylanýan «Gazeta.ru» neşiriniň habar bermegine görä, ýurtdaky baý adamlaryň sanynda ep-esli peseliş bellenildi.
Barlagyň soňky maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Birleşen Patyşalyqda 442 müň funt millioneri ýaşaýar. Bu görkeziji 2024-nji ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdirilende 7 göterim az bolup, ýurtdaky baýlyk hem-de maýa goýum jemgyýetiniň gowşamagyny aňladýar.
Hünärmenler emele gelen ykdysady ýagdaýy birnäçe düýpli sebäpler bilen düşündirýärler. Olaryň arasynda bank stawkalarynyň ýokarylygy, Birleşen Patyşalygyň ykdysady durnuklylygyna bolan ynamyň peselmegi hem-de ilatyň süýşürintgileriniň möçberiniň azalmagy esasy faktorlar hökmünde görkezilýär.
Muňa goşmaça hökmünde, baý adamlaryň Beýik Britaniýada ýaşamak ýa-da bu ýurda göçüp gelmek isleginiň peselmegi hem täsirini ýetirýär. Şeýle tendensiýa ýurduň maliýe ulgamyna we maýa goýum gurşawyna uzak möhletleýin täsirini ýetirýän möhüm görkeziji hökmünde bahalandyrylýar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.