Oýun sanawy

Fransiýanyň obalarynyň birinde sygyrlar mekdep okuwçylarynyň sanawyna goşuldy

03 Aprel. 10:53

Çeşme

Fransiýanyň Muşe obasynda ýerli mekdebi we başlangyç synpy ýapylmakdan halas etmek üçin täsin usul oýlanyp tapyldy. Okuwçylaryň sanynyň kadadan azdygy sebäpli, mekdep ýolbaşçylary bäş sany ýaş sygyry resmi taýdan okuwçy hökmünde hasaba aldylar. Bu çäre bilim edarasynyň işini dowam etdirmegi üçin zerur bolan statistik görkezijileri üpjün etmek maksady bilen amala aşyryldy.

Elzas sebitinde ýerleşýän bu obada çagalaryň sanynyň azalmagy bilim ulgamy üçin uly kynçylyk döredýär. Häzirki wagtda mekdepde bäş sany synp bar, ýöne geljekki okuw ýylynda täze okuwçylaryň sanynyň örän az bolmagyna garaşylýar. Eger mekdepde talap edilýän mukdarda okuwçy bolmasa, döwlet tarapyndan synplaryň biriniň maliýeleşdirilmegi bes edilip, ol ýapylmaly bolýar.

Bu başlangyjy ýerli fermerleriň biri goldady we öz mallarynyň bäşisini wagtlaýynça "okuwçy" hökmünde bermäge razy boldy. Fermer özüniň okan mekdebiniň ýapylmagyna ýol bermezlik üçin şeýle ädimiň zerurdygyny belleýär. Häzirki wagtda bu "täze okuwçylar" mekdebiň howlusynda saklanyp, olar resminamalarda doly hukukly bilim alýanlar hökmünde görkezilýär.

Muşeniň häkimi Hose Şruoffeneger bu ýagdaýyň tragikomediki häsiýete eýedigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, sygyrlaryň sanawa goşulmagy gülkili görünse-de, hakykatda bu oba mekdepleriniň ýüzbe-ýüz bolýan agyr ýagdaýyny görkezýär. Häkim eger döwlet tarapyndan goldaw berilmese, gelejekde obada mekdebiň düýbünden ýok bolup gitmeginden we munuň obanyň geljegine ýaramaz täsir etmeginden gorkýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌