Oýun sanawy


Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde (ÝEAYB) başlyklyk etmek gezegi geljek 2027-nji ýylda Gyrgyzystan Respublikasyna geçer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň beren maglumatyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýazýar.
Uşakowyň bellemegine görä, Gyrgyzystan 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap gurama baştutanlyk edip başlar. Russiýanyň resmi wekiliniň bu baradaky çykyşy Russiýanyň Prezidentiniň Gazagystanda geçiriljek ÝEAYB-niň nobatdaky çäresine gurajak saparynyň öňüsyrasynda mälim edildi.
Guramanyň tertipnamasyna laýyklykda, ÝEAYB-niň edaralaryndaky başlyklyk wezipesi elpbiý tertibine görä her ýyl gezekli-gezegine amala aşyrylýar. Gezegiň Gyrgyzystana geçmegi sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy we integrasiýa işlerini utgaşdyrmakda täze sepgitleri açar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.