Oýun sanawy


Italiýalylar ömrüniň 25 ýylyny internetde geçirýärler: Sanly we fiziki durmuşyň çägi barha bozulýar
24 Iýun. 16:30«NordVPN» kompaniýasynyň dünýäniň 20 ýurdunda geçirilen barlaglarynyň netijelerine görä, Italiýanyň adaty bir ýaşaýjysy ömrüniň ortaça 25 ýylyny, 6 aýyny we 1 gününi internetde geçirýär. Bu maglumatlar häzirki zaman jemgyýetiniň diňe bir sanly guraldan peýdalanman, eýsem täze bir ýaşaýyş şertine, ýagny fiziki we sanly durmuşyň arasyndaky çäkleriň bozulmagyna — «onlife» durmuşyna geçendigini subut edýär. Ylmy barlaglar italiýalylaryň hepdede ortaça 50 sagada golaý wagtyny onlaýn akymda geçirýändigini görkezýär.
Torda geçirilýän wagtyň agramly bölegi güýmenje we medeni isleglere sarp edilýär. Italiýalylar hepdede ortaça 6 sagat 34 minudyny film we seriallaryň strimingine, 4 sagat 20 minudyny aýdym-saz diňlemäge, 4 sagat 19 minudyny dürli wideolara we 3 sagat 7 minudyny sosial torlara sarp edýärler. Bu esasy ugurlardan başga-da, durmuşyň beýleki ugurlary bolan iş, bank amallary we döwlet hyzmatlary hem üznüksiz sanly ulgamyň bir bölegine öwrüldi.
Sanly durmuşyň täze bir möhüm bölegi hökmünde emeli aň esasly çat-botlar öňe saýlanýar we olar üçin ýurduň ýaşaýjylary hepdede 53 minut wagt bölýärler. Bu görkeziji adaty duralgalardan pesräk bolsa-da, emeli aňyň tehnologik täzelik bolmakdan çykyp, gündelik habarlaşmak, terjime, tekst ýazmak we rezýume taýýarlamak ýaly durmuşy işlerde hemişelik kömekçä öwrülendigini aýdyň görkezýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.