Oýun sanawy

Ýaponiýa iň mylakatly ilaty bolan ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durýar

27 Mart. 11:11

Çeşme

Amerikanyň «Remitly» kompaniýasy tarapyndan geçirilen täze barlagyň netijelerine görä, Ýaponiýa dünýäniň iň mylakatly we sypaýy ilatly ýurdy diýlip yglan edildi. Bu barlag 26 ýurtdan 4600-den gowrak adamyň arasynda geçirilen pikirsoraşmalara esaslanýar. Gatnaşyjylaryň 35,15%-i Kündogar Aziýanyň bu döwletini sypaýyçylyk kadalary boýunça dünýäde lider hökmünde görkezdiler.

Barlagyň awtorlary ýapon jemgyýetinde sypaýyçylygyň diňe bir endik däl, eýsem gündelik durmuşyň aýrylmaz medeni bölegidigini belleýärler. Ýaponiýada salamlaşmak, minnetdarlyk bildirmek we hormat goýmak alamaty hökmünde ulanylýan baş egmek dessury hem-de diliň sylaşykly görnüşleri (keigo) munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde özara gatnaşyklarda sypaýyçylyk iň ýokary gymmatlyk hasaplanýar.

Sanawyň ikinji ornuny 13,35% netije bilen Kanada eýeledi. Kanadaly talyplaryň we raýatlaryň islendik ýagdaýda aşa köp ötünç soraýandygy baradaky stereotip hakykaty birneme ýönekeýleşdirse-de, barlag kanadalylaryň beýleki adamlaryň şahsy çäklerine we hukuklaryna uly hormat goýýandygyny tassyklady. Üçünji orunda bolsa 6,23% bilen Beýik Britaniýa ýerleşdi. Britanlarda mylakatlylyk esasan "haýyş edýärin" we "sag boluň" jümleleriniň ýygy ulanmagy hem-de nobata durmak medeniýeti bilen häsiýetlendirilýär.

Gyzykly tarapy, ýurtlaryň ilatynyň öz-özüne berýän bahasy daşarky synçylaryň pikirinden düýpli tapawutlanýar. Meselem, Braziliýanyň, Hindistanyň we Fransiýanyň ilaty özlerini dünýäde iň mylakatly adamlar hasaplaýarlar. Sanawyň lideri bolan sypaýy we pespäl ýaponlar bolsa, öz-özüne baha bermekde 25-nji orna düşdüler. Bu bolsa hakyky sypaýyçylygyň köplenç pespälilik bilen utgaşýandygyny görkezýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌