Oýun sanawy


Braziliýada ak gabykly bananyň täze görnüşi resmi taýdan hasaba alyndy
22 Aprel. 09:04Braziliýanyň oba hojalygynda täze sahypa açyldy: Santa-Katarina ştatynda «Klarinýa» (Clarinha) diýlip atlandyrylýan bananyň üýtgeşik görnüşi tapyldy we resmileşdirildi. Ýurduň Oba hojalyk we maldarçylyk ministrligi bu ösümligi sortlaryň milli sanawyna goşdy. Bu täze görnüşiň ýüze çykarylmagy oba hojalyk hünärmenleriniň we alymlaryň ünsüni çeken tötänleýin waka boldy.
Ylmy maglumatlara görä, «Klarinýa» giňden ýaýran «Kwendiş» toparynyň tebigy genetiki mutasiýasynyň netijesidir. Täze miwäniň esasy biologik aýratynlygy onuň gabygynda hlorofilliň örän pes derejesidir — bu görkeziji adaty bananlardakydan 43 göterim pesdir. Şol sebäpli miwäniň gabygy adaty sary reňkiň deregine ak we ýalpyldawuk reňke eýe bolup, özboluşly görnüşi bilen tapawutlanýar.
Geçirilen meýdan barlaglary we synaglar täze sortuň hasyllylyk hem-de ösüş aýratynlyklary boýunça adaty banan agaçlaryndan pes dälidigini subut etdi. Biologlar mutasiýanyň diňe daşky görnüşe täsir edendigini, emma ösümligiň köpeliş we hasyl beriş ukybyna zeper ýetirmändigini belleýärler. Bu bolsa «Klarinýany» senagat taýdan ösdürmek we fermer hojalyklaryna ornaşdyrmak üçin geljegi uly ekinleriň hataryna goşýar.
Bu sortuň esasy täjirçilik artykmaçlygy onuň daşky görnüşiniň durnuklylygy bilen baglydyr. Saklanylanda (esasanam gyş paslynda) gabygy çalt garalýan adaty bananlardan tapawutlylykda, ak gabykly miweler dükan tekjelerinde özüniň täze görnüşini has uzak wagtlap saklaýarlar. Bu aýratynlyk söwda nokatlarynda ýitgileri azaltmaga we täsin görnüşi arkaly alyjylaryň gyzyklanmasyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.