Oýun sanawy


Italiýanyň şäher künjeginde täze taryhy ýadygärlik: Köne ulagyň täze ömri
27 Few. 06:55Konelýano şäheriniň köçeleriniň birinde 47 ýyllap gozganman duran «Lancia Fulvia» kysymly awtoulag indi resmi gymmatlyga öwrüldi. Polisiýa gullugynyň wekili Klaudio Mallamaçeniň aýtmagyna görä, 1970-nji ýylda çykarylan bu ulag uzak wagtlap gazet dükanlarynyň ammary hökmünde ulanylypdyr. Onýyllyklaryň dowamynda bir nokatda duran bu sedan kem-kemden şäheriň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.
2021-nji ýylda ýerli meýletinçiler tarapyndan dikeldilen ulag, şu ýylyň fewralynda mekdep howlusynda ýörite eksponat hökmünde ýerleşdirildi. Bu bolsa ulagyň eýeleri bolan 99 we 89 ýaşly garrylaryň ony öz penjirelerinden synlamagyna mümkinçilik berdi. Dabara gatnaşan sebit resmileri bu ulagyň taryhy ähmiýetini belläp geçdiler. Hatda käbir syýasatçylar mekdep döwürlerinde sapaklarda şowly bolmak üçin bu ulaga degip geçmek yrymynyň bolandygyny ýatladylar. Häzirki wagtda şäher häkimligi bu täsin mirasy gorap saklamak üçin ýörite saýawan gurmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň