Oýun sanawy


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň ykdysadyýet we hukuk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sanjar Hazratkulow halkara derejesindäki uly üstünlige eýe boldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli diploma, döşe dakylýan nyşana hem-de kuboga mynasyp boldy.
Bu abraýly halkara bäsleşigi Gazagystan Respublikasynyň “Bilim Orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy. Eminler topary Sanjar Hazratkulowyň ylmy-barlag işlerine, döredijilik başlangyçlaryna hem-de jemgyýetçilik işjeňligine ýokary baha berdi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleriniň “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara kitap ýygyndysyna giriziljekdigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Bu üstünlik bilen Sanjar Hazratkulow GDA ýurtlarynyň iň zehinli we işjeň talyplarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň ýokary bilim derejesine, giň dünýägaraýşa, döredijilik ukybyna hem-de halkara talaplaryna laýyk taýýarlyga eýedigini aýdyň görkezýär.
Talybymyzy bu buýsançly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa geljekde hem täze üstünlikleri gazanmagy, Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde has-da belende götermegini arzuw edýäris.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň