Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň işewür toparlary «ýaşyl» energetika boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdy
19 Dek. 12:03«Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Ýaponiýada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.
«Türkmenистан» gazetiniň habar bermegine görä, duşuşyk Palace Hotel Tokyo myhmanhanasynda bolup, oňa Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň wekilleri hem-de Mitsubishi Corporation, Sumitomo Corporation, Komatsu Ltd., Toyo Engineering Corporation, Kawasaki Heavy Industries, Tokyo Boeki Eurasia Limited, Mitsubishi Heavy Industries, Sumitomo Heavy Industries, Tohkemy Corporation we ITOCHU Corporation ýaly iri ýapon korporasiýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygy guramak baradaky başlangyç üçin ýapon işewürlerine minnetdarlyk bildirip, bu gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygyň täze, has giň gerimli maksatlara gönükdirilip ösdüriljekdigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalar, innowasion ykdysadyýet, senagat ösüşi we ekologiki jogapkärçilik ugurlaryny üstünlikli utgaşdyrýan ýurt hökmünde Türkmenistan üçin nusga bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ykdysady modelini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen syýasat alyp barýandygy, bu işde innowasion ösüş strategiýalaryna, senagatlaşdyrmagyň tizleşdirilmegine, «ýaşyl» energetika geçişine, energiýa pudagynyň diwersifikasiýasyna hem-de milli we halkara ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini berkitmekde goşandyna ýokary baha beren Prezident olary täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Hususan-da, suw üpjünçiligi we suw arassalaýyş ulgamlary, galyndylary dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän we wodorod energetikasy, şeýle-de ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçiş ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk teklipleri öňe sürüldi.
Duşuşygyň ahyrynda ýapon işewürleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda geljekde-de iş alyp barmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň