Oýun sanawy


Türkmenistanly mugallym «GDA-nyň iň gowy mugallymy — 2025» diýen ada mynasyp boldy
23 Ýan. 08:51Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we atly sport boýunça taýýarlyk kafedrasynyň mugallymy, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow I derejeli diplom hem-de «GDA-nyň iň gowy mugallymy — 2025» diýen hormatly adyň eýesi boldy.
Bu abraýly sylag Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän «Bilim» okuw merkezi bilen «Dobro» halkara haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guran halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça gowşuryldy. Bu üstünlik Türkmenistan bilim ulgamynyň ýokary derejesini we hünärmenleriniň halkara giňişliginde uly abraýa eýedigini aýdyň görkezýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň