Oýun sanawy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» halkara ylmy forumyna meýdança bolar

13 Mart. 11:37

Çeşme

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow-2026» atly halkara ýaşlar ylmy forumyna gatnaşar we onuň möhüm bölümleriniň geçirilmegine eýeçilik eder. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar berşi ýaly, bu hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň halkara giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle abraýly çäräniň bir böleginiň Aşgabatda geçirilmegi türkmen talyplaryna we ýaş alymlaryna öz ylmy açyşlaryny halkara derejesinde tanyşdyrmaga giň ýol açýar.

2026-njy ýylyň 10-njy we 25-nji apreli aralygynda geçiriljek forumyň çäginde talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXIII halkara ylmy maslahaty guralar. Bu ýyl maslahatyň bölümleri diňe bir Moskwada däl, eýsem, uniwersitetiň daşary ýurtlardaky hyzmatdaş okuw mekdeplerinde hem işlär. Türkmenistanda bu halkara ylmy meýdançalar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralar we ylmyň dört ugry boýunça maslahatlar geçiriler.

Ylmy maslahata gatnaşmaga 35 ýaşa çenli bolan zehinli ýaşlar — talyplar, magistrantlar we ýaş alymlar çagyrylýar. Gatnaşmak isleýänler 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynda hasaba durmalydyrlar. Maslahatyň rus we iňlis dillerinde geçirilmegi ýaşlaryň arasynda dünýä derejesindäki ylmy pikir alyşmalaryň kämilleşmegine we täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam eder. Gatnaşmagyň tölegsiz bolmagy bolsa bilimli we täzeçil pikirli ýaşlaryň ählisi üçin deň mümkinçilikleri döredýär.

Forumyň netijeleri boýunça gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar gowşurylar, iň oňat we döwrebap ylmy işleriň awtorlary bolsa ýokary derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Bu halkara sylaglar ýaş alymlaryň geljekki hünär ösüşinde we ylmy basgançaklarynda möhüm orun tutar. «Lomonosow-2026» forumynyň Aşgabatda guralmagy Türkmenistanyň ylym-bilim syýasatynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini we ýurdumyzyň sebitde iri ylmy merkez hökmündäki abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌