Oýun sanawy


Türkmenistanda Prep4Success bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär
19 Dek. 07:28Türkmenistanyň çäginde Amerikan Geňeşleri tarapyndan Prep4Success atly täzelenen bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy. Bu maksatnama Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň okuwçylary üçin niýetlenendir.
Maksatnama 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin açykdyr. Häzirki wagtda 12-nji synpda okaýan okuwçylar bu tapgyra gatnaşyp bilmeýärler.
Okuw meýilnamasy TOEFL synagyna taýýarlygy, akademiki okaýyş we ýazuw başarnyklaryny ösdürmegi, çuňlaşdyrylan matematika derslerini hem-de hünär taýdan ösüş çärelerini öz içine alýar.
Alty aý dowam etjek maksatnama ýekşenbe günleri Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan merkezlerinde geçiriler.
Arzalar 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwary, penşenbe güni sagat 17:00-a çenli kabul edilýär. Goşmaça maglumatlar we arza tabşyrmak üçin forma American Councils-yň resmi web sahypasynda ýerleşdirilýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň