Oýun sanawy


Tokioda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklaryny täze basgançaga çykarmak boýunça gepleşikler geçirildi
15 Maý. 12:53Ýaponiýanyň paýtagtynda gulluk saparynda bolýan türkmen wekiliýeti kämil tehnologiýalar we döwrebap bilim ulgamy boýunça iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary guraşdyrdy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri dünýäniň öňdebaryjy ylmy tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak ugrunda anyk wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň esasy bölegi Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň ýolbaşçy düzümi bilen alnyp banyldy. Duşuşykda türkmen ýaşlarynyň Gündogar Aziýanyň bu ösen döwletinde bilim almagyny höweslendirmek üçin meşhur MEXT talyp haklary maksatnamasy boýunça ýörite kwotalary we orunlary emele getirmek barada ylalaşyklar göz öňünde tutuldy. Esasy üns inženerçilik, emeli aň, STEM we ekologiýa ugurlaryna gönükdirildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dili merkezlerini açmak, okuw kitaplary hem-de sanly serişdeler bilen üpjünçiligi gowulandyrmak barada anyk meýilnamalar bellenildi. Taslamanyň çäklerinde Ýaponiýanyň meşhur KOSEN görnüşli tehniki kollejleriniň bilim modelini Türkmenistanda ornaşdyrmak, robototehnika we «akylly» synp tehnologiýalary ugrunda bilelikdäki amaly ylmy barlaglary ýola goýmak bellenildi.
Mundan başga-da, wekiliýet agzalary Ýaponiýanyň «SPRIX Inc.» halkara guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, sanly bilim platformalaryny ösdürmek barada fikir alyşdylar. Bu ugurda talyplaryň bilim derejesine halkara ölçegler boýunça baha bermek üçin döwrebap TOFAS synaglaryny milli ulgama girizmek hem-de okuw maksatnamalaryna emeli aň innowasiýalaryny goşmak boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.