Oýun sanawy


Aşgabatdaky Berdimuhammet Annaýew adyndaky harby mekdepde robototehnika boýunça çempionat geçirildi
17 Noý. 11:11Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde robototehnika boýunça içerki bäsleşik guraldy. Bu çäre Watana hyzmat etmegi saýlan türkmen ýaşlarynyň tehniki başarnyklaryny we akyl taýdan taýýarlygyny aýdyň görkezdi diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli Goşun» žurnaly habar berýär.
Kadetlere berlen wezipeler amaly ugurly boldy. Informatika mugallymy Murat Geldiýewiň bellemegine görä, mekdebiň binýady häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen: robototehnika otaglary, lazerli türgenleşik zallary hem-de bodiflaýting üçin ýörite ýer hereket edýär. Çempionat okuwçylaryň dürli tehnologiýalar bilen işleşip gazanan nazary we amaly ukyplaryny synagdan geçirmek üçin mümkinçilik döretdi.
Okuw mekdebiniň täze binalar toplumy 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdesi, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan açyldy.
«Bu ýerde okamaga mümkinçilik — uly mertebe hem jogapkärçilik. Biziň üçin bu bäsleşik geljekdäki beýik synagyň kiçi görnüşi ýalydyr» diýip, kadet Adylşa Mammettuwakow belledi. Onuň aýtmagyna görä, gatnaşýanlaryň hemmesi geljekde goşunda ofiser bolmagy maksat edinip, Harby instituta girjekleri üçin Türkmenistanyň taryhyny içgin öwrenýärler we fiziki taýýarlyklaryny berkitýärler.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň