Oýun sanawy

ÝTÖB Türkmenistanda ulag infrastrukturasyna maýa goýumlaryny dowam etdirer

23 Mart. 08:42

Çeşme

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda demir we awtomobil ýollaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara maýa goýumlaryny dowam etdirmek niýetindedir.

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu bank bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu maliýe guramasynyň agzasy bolup durýar. Şondan bäri maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, söwda we önümçiligi ösdürmek, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi.

Täze teklipleriň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň strategiýasyny taýýarlamak möhüm orun eýeleýär. Bu strategiýa döwlet we hususy taslamalara uzak möhletleýin maýa goýumlaryny çekmek üçin ygtybarly esas döreder. Şeýle hem degişli edaralaryň gatnaşmagynda ýörite iş toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýar. Demir we awtomobil ýollaryny gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu işler Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjy bilen utgaşdyrylar.

Ýakyn wagtda degişli döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Ýurduň ýolbaşçylygy hödürlenen teklipleri goldap, bu ugurda işleri dowam etdirmek boýunça görkezmeleri berdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌