Oýun sanawy


Türkmenistanda hijri hasap boýunça 1447-nji ýylyň mukaddes Oraza aýyna degişli agyz beklemek hem-de agyz açmak wagtlaryny görkezýän resmi tertip köpçülige ýetirildi. Bu tertip paýtagt Aşgabat şäheri, Arkadag şäheri hem-de ýurduň bäş welaýaty — Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlary üçin aýratynlykda taýýarlanyldy.
Resmi maglumatlara görä, 2026-njy ýylda Oraza aýy 18-nji fewralda başlap, 19-njy martda tamamlanar.
Orazanyň dowamynda her gün iki möhüm nahar wagty bolýar: selärlik — ertir namazyndan öň iýilýän irki nahar we agyz açar — gün ýaşandan soň, agşam namazynyň wagty girende edilýän nahar.
Ýurduň dürli ýerleriniň geografiki ýerleşişi sebäpli agyz beklemek hem-de agyz açmak wagtlary sebitlere görä tapawutlanýar. Iň uly wagt aratapawudy Balkan welaýatynyň günbatar bölekleri bilen Lebap welaýatynyň gündogar bölekleriniň arasynda ýüze çykýar.
2026-njy ýylda Oraza baýramy 20-nji martda, anna güni bellenip geçiler.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň