Oýun sanawy

Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi: medeni diplomatiýanyň ýokary dabaralanmasy

13 Mart. 07:15

Çeşme

Italiýanyň paýtagty Rim şäheriniň dünýä belli Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini üstünlikli dowam etdirýär. Geçen ýylyň oktýabr aýynda açylan bu sergi türkmen we italýan alymlarynyň köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň miwesidir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Kakajan Hanowyň metbugatda çap edilen makalasynda bellenilişi ýaly, bu sergi türkmen topragynyň bütindünýä siwilizasiýasynyň kemala gelmegindäki ägirt uly ornuny dünýä jemgyýetçiligine ýene-de bir gezek subut edýär.

Bu medeni çäräniň aňyrsynda Karlo Lippolis we Barbara Çerazetti ýaly görnükli italýan arheologlarynyň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde geçiren köp ýyllyk gazuw-agtaryş işleri ýatyr. Geçirilen ylmy ekspedisiýalar gadymy medeniýetimiziň täze sahypalaryny açmaga we gymmatly tapyndylary dünýä ýüzüne çykarmaga mümkinçilik berdi. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet muzeýi, Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda gol çekilen Ähtnamalar bolsa geljekde muzeý işi we taryhy ýadygärlikleri öwrenmek ulgamynda täze hyzmatdaşlyk dahlizlerini açdy.

Serginiň merkezinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Nusaýyň — meşhur Parfiýa patyşalygynyň paýtagtynyň tapyndylary ýerleşýär. Bu ýerde görkezilýän pil süňkünden ýasalan ritonlar, mermer heýkeller we beýleki sungat eserleri Parfiýa medeniýetiniň özboluşlylygyny hem-de gadymy dünýäniň beýleki siwilizasiýalary bilen nähili ýakyn aragatnaşykda bolandygyny görkezýär. Nusaýyň nepis tapyndylary diňe bir taryhy gymmatlyk bolman, eýsem, gadymy türkmen ussatlarynyň ýokary çeperçilik derejesini we estetiki dünýägaraşyny hem aýdyň beýan edýär.

Şeýle-de, Murgap oazisinde ýerleşen we dünýäniň bäşinji gadymy medeni ojagy hasaplanýan Marguş siwilizasiýasynyň taryhy gymmatlyklary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Togalakdepeden tapylan we biziň eýýamymyzdan öňki döwürlere degişli bolan tapyndylar irki hünärmentçilik we ekerançylyk medeniýetiniň nähili belent sepgitlere ýetendigini subut edýär. Rimdäki bu sergi Türkmenistanyň özüniň baý taryhy mirasy bilen bütin adamzat üçin nähili uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir ýola görkezmek bilen, iki ýurduň arasyndaky dostlukly we ylmy gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna hyzmat edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌