Oýun sanawy


"Türkmengaz" döwlet konserni bir ýylyň dowamynda metanyň zyňyndylaryny 30% azaltdy
22 Okt. 06:042024-nji ýylyň iýunyndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli döwürde "Türkmengaz" döwlet konserni öz önümçilik desgalarynda metanyň zyňyndylaryny 30 göterim azaltmagy başardy. Bu üstünlik halkara hyzmatdaşlyk hem-de hemra maglumatlarynyň ulanylmagy bilen mümkin boldy. Bu barada "Türkmengaz" döwlet konserniniň Tebigat gazlaryny öwreniş ylmy-barlag institutynyň daşky gurşawy goramak bölüminiň müdiri Muhammetberdi Bäşiýew Aşgabatda geçirilýän "OGT-2025" halkara nebitgaz forumynyň öň ýanyndaky sessiýada mälim etdi.
Bäşiýewiň bellemegine görä, 2023-nji ýylda hemra gözegçilikleri netijesinde 20 sany ýokary metan zyňyndysy bolan desga anyklanypdyr, şonuň 9-sy "Türkmengaz"a degişli bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa, MARS maksatnamasynyň hemra maglumatlaryna görä, şeýle "super-emissar" desgalar tas ýok derejede.
Ol hemra maglumatlarynyň kömegi bilen syzmalaryň tiz wagtda kesgitlenýändigini hem belläp geçdi. "Ýerlerde işgärler tarapyndan syzmalara 2–3 günüň dowamynda öz güýjümiz bilen çözgüt tapylýar" diýip, ol aýtdy.
Bäşiýew bu işde MARS maksatnamasyna, BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasyna (UNEP), Halkara Energetika Agentligine (IEA) we Metan zyňyndylary boýunça halkara gözegçilik merkezine (IMEO) minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem ol "Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi — 2024–2028" atly ÝB taslamasynyň çäklerinde ylmy-barlag institutynda häzirki zaman kompýuter we IT enjamlar bilen üpjün edilen maglumat-analitik merkeziniň döredilendigini aýtdy. Ýakyn wagtda bu ýerde ýyladyjy gazlary ölçemek üçin enjamlar hem gelip gowuşar.
Bäşiýew bu çykyşyny "Türkmenistanyň Nebiti we Gazy — 2025" atly XXX halkara maslahatynyň öňüsyrasynda geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, bu çärä 70-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy, takmynan 30 ýerli kärhana we telekeçi gatnaşar, delegatlaryň umumy sany bolsa 1400-e golaý bolar.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň