Oýun sanawy

Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň Öwreniji Şäherleriň Bütindünýä Toruna goşuldy

08 Dek. 05:02

Çeşme

Aşgabat resmi taýdan ÝUNESKO-nyň Öwreniji şäherleriň bütindünýä torunyň doly hukukly agzasy boldy. Bu barada «Watan» habarlarynda mälim edildi.

Paýtagtda geçirilen dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO boýunça milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç. Rustemowa şäheriň bu halkara toryna goşulandygyny tassyklaýan güwänamany gowşurdy. Çykyşlarda aýdylmagyna görä, giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň we häzirki zaman şäher ösüşiniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Aşgabat sebitde ylmy-bilim, innowasiýa, medeniýet we önümçilik boýunça möhüm merkeze öwrülipdir.

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat 46 ýurtdan saýlanyp alnan 72 şäheriň sanawyna goşuldy. Bu çözgüt şäheriň ähli ýaşdaky ilata bilim almaga mümkinçilik döredýän giň gerimli işleri we ýurduň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini halkara derejesinde tassyklady.

2013-nji ýylda döredilen we häzirki wagtda dünýäniň 91 ýurdundan 425 şäheri birleşdirýän bu torda täze agzalara aýratyn ýokary baha berilýär. Tora goşulan şäherler takmynan 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy üçin şert döredýär.
Bu ýyl Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres we beýlekiler bilen birlikde 11 paýtagt bu torda täze agza hökmünde kabul edildi. ÝUNESKO şeýle hem şu ýyl ilkinji gezek 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem toryň düzümine goşulandygyny mälim etdi.

ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri bilim çykdajylaryny diňe mekdep bilen çäklemän, iş ýerlerinde, muzeýlerde, kitaphanalarda we jemgyýetçilik giňişliklerinde hem gurnalýan toplumlaýyn ulgamlar bilen tapawutlanýar. Bu şäherler ilata üýtgäp durýan zähmet bazaryna uýgunlaşmaga, täze başarnyklary ösdürmäge, telekeçiligi goldamaga hem-de emeli aňyň eýýamynda işlemek üçin gerekli mümkinçilikleri döretmäge ýardam berýärler.

Aşgabadyň bu dünýä toruna goşulmagy ýurdumyzda adam mümkinçiligini ösdürmäge, innowasiýalary we dowamly okuw ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

















Russiýanyň paýtagtynda iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň ýaş görkezijileri aýan edildi

10 Sen. 08:16

Çeşme

Moskwa şäherinde häzirki wagtda iň uly ýaşly zenan ýaşaýjynyň 108 ýaşy, iň uly ýaşly erkek ýaşaýjynyň bolsa 105 ýaşy doldy. Bu barada şäheriň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanmak bilen «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Moskwada ortaça ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan gowrak bolar. Ýaşaýjylaryň ömür dowamlylygynyň mundan beýläk-de artmagy öňüni alyş lukmançylygynyň kämilleşmegi, emeli aň tilsimleriniň ornaşdyrylmagy hem-de şäher infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Russiýa Federasiýasy boýunça ilatyň iň uzak ýaşaýan sebitleriniň sanawynda Inguşetiýa Respublikasy birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ýokary görkezijili sebitleriň hataryna Dagystan, Moskwa şäheri, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez respublikalary girdi.