Oýun sanawy


«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara üstünlikleri Daşoguzda dabaralandyrylýar
20 Few. 06:42Daşoguz welaýatynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde gazanan nobatdaky ýeňişlerine bagyşlanan dabaraly çäreler uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Şäheriň Görogly meýdançasynda badalga alan dabaralar Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň täsirli sahnalary bilen utgaşdy.
«Galkynyş» toparynyň agzalary welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, halkymyzyň gadymy taryhyndan we medeni mirasymyzdan habar berýän gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Esasy dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binasynda dowam etdirildi. Çykyşlarda ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň mertliginiň, gözelliginiň we sarsmaz wepalylygyň nyşanydygy, olaryň dünýä medeniýetine goşan goşandy barada durlup geçildi.
Soňra toparyň türgenleri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň meýdançasynda özleriniň täsin we çylşyrymly at üstündäki oýunlaryny görkezdiler. Medeni maksatnamanyň ahyrynda köpçülikleýin dabaralar üçin niýetlenen ýörite desgada agzaçar sadakasy berildi. Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylyň ýanwarynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» topary Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň ýörite şahadatnamalaryna mynasyp bolupdy. Şol şatlykly wakanyň hormatyna guralýan dabaralar ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem dowam edýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň