Oýun sanawy

Aşgabatda ýylyň adyna bagyşlanan intellektual-döredijilik çäresi geçirildi

13 Few. 06:03

Aşgabat şäheriniň Täze Zaman ýaşaýyş toplumyndaky 139-njy orta mekdebinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň şygaryna bagyşlanyp giň gerimli intellektual-döredijilik çäresi geçirildi.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ruhda kemala gelmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol maksat bilen guralan çäre okuwçylaryň döredijilik we zehin mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, olaryň döwletimiziň ösüşlerine buýsanjyny artdyrmaga gönükdirildi.

 

Çäräniň başynda mekdebiň müdiri Bossan Amangeldiýewa çykyş edip, ýylyň şygarynyň many-mazmuny hem-de onuň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda öňe sürülýän watansöýüjilik, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky pikirleriň ýaşlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini belledi.

 

Çäräniň dowamynda okuwçylar türkmen, rus we iňlis dillerinde Watanymyzy hem-de türkmen bedewlerini wasp edýän goşgulary ýerine ýetirdiler. 9-njy “A” synp okuwçylary Sapargeldi Atahanow we Muhammedaly Garlyýew özbaşdak döreden goşgularyny labyzly okap, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdylar.

 

Bedewleriň taryhy we dünýä ýüzündäki abraýy barada taryh mugallymy Umyt Saparowa slaýdly çykyş edip, Ahalteke atlarynyň şöhratynyň halkara derejesinde giňden tanalýandygyny belledi.

 

Mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Annageldi Pirmyradow Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda alyp barýan türgenleşikleri barada gürrüň berdi. Ol at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik tilsimleri we ýokary derejeli çapmak ussatlygyny özleşdirýändigini, geljekde geçiriljek bäsleşiklere taýýarlyk görýändigini nygtady.

 

Çäräniň dowamynda 2-nji “A” synp okuwçysy Muhammedaly Orazow “Meleguş” aýdymyny ýerine ýetirip, ýaşlaryň döredijilige bolan höwesini görkezdi. Şeýle-de mekdepde hereket edýän “Zaman” futbol topary görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdi.

 

Çäräniň ahyrynda aýratyn tapawutlanan okuwçylar hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

 

Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaş nesliň watansöýüjilik, döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan höwesini artdyrmaga ynamly itergi berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌