Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hökümet agzalary ýörite ýubileý medallary bilen sylaglandy

09 Dek. 06:34

Çeşme

6-njy dekabrda «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow, ministrler we hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle-de welaýat häkimleri Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanan dabarada gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň Liderine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly medal hem-de ýadygärlik nyşanlarynyň toplumy gowşuryldy.

Milli parlamentiň degişli kararyny Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa okap eşitdirdi. Resminamada döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň garaşsyzlygyny berkidendäki hem-de «Dialog – parahatçylygyň kepili» ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty ösdürmekdäki aýratyn hyzmatlary nygtalýar.

Dabarada çykyş eden Prezident Serdar Berdimuhamedow bildirilýän gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip: «“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň adyndan kabul edýän ýokary sylagymdyr» diýip belledi.

Soňra Mejlis başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylary hem-de welaýat häkimleri-de döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.

Ýerine ýetirilen çäreleriň ahyrynda daşary işler ministri Raşid Meredow diplomatik gullugyň işgärleriniň adyndan, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bolsa hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanyny ýokary sylagy hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen gutladylar.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.