Oýun sanawy


Türkmenistanda şu hepde howanyň durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurduň dürli sebitlerinde ýagyş, kä ýerlerde gar gatyşykly ýagyş ýagyp, temperatura kä mahallar -9 gradusa çenli pese düşer. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde hem habar berilýär.
Aşgabatda howa wagtal-wagtal bulutlanyp, ýagyş ýagmagy mümkin. Şemal gündogardan demirgazyk-günbatara tarap öwrülip, tizligi sekuntda 10–16 metre çenli güýçlener. Gijelerine howa +1…+10 gradus, gündizlerine bolsa +8…+24 gradus aralygynda üýtgäp durar.
Balkan welaýatynda gar gatyşykly ýagyşly howa saklanar. Şemalyň tizligi sekuntda 8–17 metre ýetip biler. Gijelerine temperatura -2…+10 gradus, gündizlerine welaýatyň köp böleginde +20…+25 gradus, kenarýaka etraplarynda bolsa +11…+16 gradus bolar.
Ahal welaýatynda ýagyşly we bulutly howa garaşylýar. Şemal gündogardan demirgazyk-günbatara tarap öwser. Gijelerine howa -2…+12 gradus, gündizlerine +6…+26 gradus aralygynda bolar.
Mary welaýatynda hem ýagynly howa dowam eder. Şemal günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara tarap ugruny üýtgedip, tizligi 12–17 metre çenli güýçlener. Gijelerine temperatura -1…+12 gradus, gündizlerine +7…+25 gradus bolar.
Lebap welaýatynda bulutly we ýagyşly howa saklanar. Şemal günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara tarap öwser. Gijelerine -4…+11 gradus, gündizlerine bolsa +5…+24 gradus aralygynda maýyl howa garaşylýar.
Daşoguz welaýatynda howa has sowuk bolar. Gar gatyşykly ýagyş ýagyp, gijelerine temperatura -9 gradusa çenli pese düşer. Gündizlerine howa -1…+16 gradus aralygynda üýtgäp durar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň