Oýun sanawy


Dünýäde iň köp satylan awtoulag brendi belli boldy: «Toyota» öňdeligini saklaýar
02 Few. 12:11Geçen ýylyň jemlerine görä, Ýaponiýanyň «Toyota» awtoulag öndürijisi dünýä bazarynda nobatdaky satuw rekordyny goýdy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, «Toyota», «Lexus», «Daihatsu» we «Hino» kysymlaryny goşmak bilen, bütin dünýäde jemi 11,3 milliondan gowrak ulag satyldy.
Bu görkezijiniň içine «Hino» brendi astynda öndürilýän ýük ulaglary we awtobuslar hem girýär. Gazanylan netije «Toyota» kompaniýasy üçin täze taryhy rekord bolup, onuň dünýä awtoulag senagatyndaky ornuny has-da berkidýär.
«Toyota» alty ýyl bäri dünýäde iň köp ulag satýan awtoulag öndürijisi hökmünde öňdeligi saklap gelýär. Bu ýagdaý halkara bazarlarda, şol sanda Türkmenistanyň awtoulag bazarynda hem brendiň abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Türkmenistan üçin dünýä awtoulag senagatyndaky bu ösüşler aýratyn ähmiýete eýedir.
Ikinji orun bolsa 2025-nji ýylda 8,98 million ulag satmagy başaran Germaniýanyň «Volkswagen Group» konsernine degişli boldy. Şeýle global görkezijiler Turkmenistan bazarynyň hem halkara ugurlara laýyklykda ösýändigini görkezýär we Türkmenistanda dünýä belli brendlere bolan islegi artdyrýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň