Oýun sanawy


Volkswagen-iň müdirler geňeşi kompaniýanyň taryhyndaky iň giň gerimli özgertme meýilnamasyny tassyklady. CNN we DW neşirleriniň habar bermegine görä, konsern 2030-njy ýyla çenli 50 müň iş ornuny çäklendirmegi, modelleriniň sanyny iki esse azaltmagy hem-de ulaglaryň önümçilik amallaryny 75 göterim ýönekeýleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem Germaniýadaky dört sany zawodyň 2031–2034-nji ýyllar aralygynda bäsdeşlige ukyplylygyny saklamagyň kyn boljakdygy bellenilýär.
Häzirki wagtda 650 müň töweregi işgäri bolan Volkswagen-iň salgytdan soňky arassa peýdasy ýylyň ilkinji ýarymynda 30 göterim azaldy. Şeýle çykdajylary azaltmak kararyna Hytaý bazarynda satuwlaryň peselmegi, hytaýly öndürijileriň bäsdeşligi we ABŞ-da import paçlarynyň ýokarlanmagy sebäp boldy.
Şeýle hem okanyň


Resmi Apple dükanynda öňki nesil iPhone modelleriniň bahalary ýokarlandy
10 Sen. 15:35Apple kompaniýasy täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo modellerini tanyşdyrandan soňra, özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi. Dünýä bazarynda täze flagmanlaryň 100 dollar gymmatlamagy sebäpli, öň çykarylan smartfonlaryň bahalary hem deň derejede ýokarlandyryldy.
Täzelenen nyrhlara görä, iPhone 17e modeliniň bahasy 699 dollara, iPhone 16 bosa 799 dollara ýetdi. Şeýle hem iPhone 17 smartfony 899 dollardan, iPhone Air modeli bolsa 1099 dollardan satlyga hödürlenip başlandy. Adatça bolşy ýaly, kompaniýa öňki flagmanlary bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modellerini resmi dükandan aýyrdy.
Nyrhlaryň bu görnüşde ýokarlanmagy barada bilermenler hem-de Apple kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Tim Kuk tarapyndan öňümizdäki aýlarda duýdurylypdy. Elektronika önümleriniň gymmatlamagyna emeli aň maglumat merkezleriniň artýan zerurlyklary sebäpli dörän ýat çipleriniň ýetmezçiligi esasy sebäp hökmünde görkezilýär.