Oýun sanawy


Türkmen kino işgärleri Merkezi Aziýa we Azerbaýjan filim Günlerine gatnaşýarlar
14 Noý. 10:51Özbegistanyň Milli Kino Sungaty Köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Filim Günleriniň açylyş dabarasy geçirildi diýip, uza.uz habar berýär.
Dabara daşary ýurt delegasiýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen “tegelek stol” duşuşygy bilen başlady. Çärede Özbegistanyň Medeniýet Ministrliginiň ýanyndaky Kinokinematografiýa agentliginiň direktory Şuhrat Rizaýew, Azerbaýjan Kinokinematografiýa agentliginiň baş direktory Raşad Azizow, Gazagystanyň Milli kino goldaw merkeziniň dolandyryş geňeşiniň başlygynyň orunbasary Adilet Omarow, şeýle hem Türkmenistan hem-de beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen myhmanlar we metbugat wekilleri gatnaşdy.
Duşuşykda türk dilli ýurtlaryň kino işgärleriniň döredijilik gatnaşyklarynyň güýçlenýändigi we täze ösüş derejesine çykýandygy aýratyn bellenildi. Halkara festiwallary, döredijilik bäsleşikleri hem-de bilelikde film döretmek tejribeleri hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam berýär.
Filim Günleri medeni gatnaşyklary giňeltmäge, halklary sungat arkaly ýakynlaşdyrmaga we hünär taýdan tejribe alyşmaga möhüm mümkinçilik döredýär.
Dabaraň ilkinji gününde Merkezi Aziýa we Azerbaýjan kinematografçylary tarapyndan döredilen gysga metražly filimler tomaşaçylara görkezildi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň