Oýun sanawy


Arkadag şäherinde gurluşyk depgini we Gadyr gijesiniň öňüsyrasyndaky agzaçar sadakasy
08 Mart. 07:46Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyk meýdançasynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda lukmançylyk toplumynyň gurluşygy, täze binalaryň sanly ulgam bilen üpjün edilmegi we içki bezeg işleriniň hili baradaky meselelere seredildi. Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi.
Şeýle-de Milli Liderimiz mukaddes Oraza aýynyň ähmiýeti barada durup geçip, sogaply işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mart aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi bolandygyny nazara alyp, bu mukaddes senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýaşulularynyň, din wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasyny bermek başlangyjyny öňe sürdi. Bu asylly däp halkymyzyň agzybirligini, ruhy gymmatlyklaryna bolan ygrarlylygyny dabaralandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň