Oýun sanawy

Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Prezidentleriniň arasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi

25 Sen. 11:16

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini we halkara meseleler boýunça garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmek we dostlukly hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýändigini belläp geçdiler. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň daşary syýasatynda oňyn bitaraplyk ýörelgesine ygrarlydygy aýratyn nygtaldy.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda, maýa goýumlar, maliýe ulgamy, derman senagaty we "ýaşyl" energetika görkezildi. Şeýle-de, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň ýolbaşçysyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynam ýylyna bagyşlanar.

Karin Keller-Zutter çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylykly gatnaşyklara goşýan goşandyny ýokary bahalady. Duşuşyk dostlukly arzuwlar bilen tamamlandy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌