Oýun sanawy


Türkmen edebiýatynyň ussady Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllygy dabaralandyrylýar
01 Aprel. 06:48Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen prozasynyň düýbüni tutujylaryň biri, görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Nurmyrat Saryhanow — türkmen prozasynyň ägirdi» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Bu çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny öwrenmek we ony ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen guraldy. Maslahat edebiýatçy alymlary, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bir ýere jemläp, hakyky edebiýat baýramyna öwrüldi.
Dabara örän täsirli — «Şükür bagşy — erkinligiň buşlukçysy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen badalga berildi. Bu çykyş ýazyjynyň iň meşhur eserleriniň biri bolan «Şükür bagşy» powestiniň ruhuny janlandyryp, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Soňra maslahatda çykyş eden alymlar we mugallymlar N. Saryhanowyň türkmen edebiýatynyň ösüşine goşan saldamly goşandy, onuň eserleriniň çeperçilik aýratynlyklary barada giňişleýin durup geçdiler.
Maslahatda ýazyjynyň «Şirin», «Arzuw», «Soňky öý», «Ak tam», «Giýew» ýaly onlarça hekaýalarynyň we powestleriniň türkmen kyssaçylygyndaky orny seljerildi. Aýratyn-da, onuň «Kitap» hekaýasynyň hem-de «Şükür bagşy» powestiniň milli edebiýatymyz üçin bahasyna ýetip boljak gymmatlyklardygyny, bu eserlerde türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, pelsepesiniň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ussatlyk bilen beýan edilýändigi nygtaldy.
Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dünýä inýär. Gysga, emma manyly ömür süren ýazyjy özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň doglan gününiň 120 ýyllyk ýubileýine bagşylanan bu maslahat, halkymyzyň öz nusgawy ýazyjylaryna bolan çäksiz hormatynyň we sarpasynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.