Oýun sanawy


Röwşen Nepesowyň orkestri Türkmenistanda türk seriallarynyň meşhur sazlary bilen konsert berer
02 Few. 14:48Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda sungat muşdaklary üçin aýratyn aýdym-saz agşamy guralýar. 15-nji fewralda «Watan» kino-konsert merkezinde Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Meşhur türk seriallarynyň sazlary» atly konsert programmasy bilen çykyş eder.
Bu konsert Türkmenistanda diňleýjileriň köpsanly islegleriniň esasynda meýilleşdirildi. Çäräniň dowamynda türk seriallary arkaly giňden tanalan saz eserleri orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar.
Konserti dirižýor Eziz Jumanyýazow alyp barar. Sazly agşam iki tapgyrda geçiriler — birinji konsert sagat 17:00-da, ikinjisi bolsa 19:00-da başlar.
Çäre barada goşmaça maglumatlary almak üçin Türkmenistanda 861235234 telefon belgisine ýüz tutmak mümkindir.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň