Oýun sanawy

Bathyz goraghanasynyň çäginde 60 ýyldan soň seýrek duşýan raý guşjagazy peýda boldy

19 Sen. 11:27

Çeşme

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyna degişli Serhetabat şäheriniň töwereklerinde örän seýrek duş gelýän raý guşjagazy (jennet siňekçisi) syn edildi. Bu künjekde tebigaty öwrenijiler ony iň soňky gezek geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başynda (1961 we 1964-nji ýyllarda) hasaba alypdyrlar.

Ýurdumyzyň guşatgygynda jemi 410 görnüş bellenilip, olaryň 39-sy Gyzyl kitaba girizilendir. Raý guşjagazynyň Türkmenistandaky esasy mekany Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň çygly, suwly jülgeleri hasaplanýar.

Bu gezek seýrek guş alymlar tarapyndan gür baglygyň arasyndaky guýynyň golaýynda bellenildi. Mutahasyslar bu görnüşiň täze mesgen tutýan ýerlerini ýüze çykarmagyň we olary gorag astyna almagyň populýasiýany saklamakda hem-de artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtaýarlar.

Bedeni boyunça serçeden biraz uly bolan bu guşjagaz uzyn guýrugy, depesindäki aýdyň saçyp duran hüpügi hem-de kellesi bilen bokurdagynyň metal öwüşginli goýy gök öwüşgini bilen tapawutlanýar.

Adatça, bu guşlar ýurdumyza maý aýynda höwürtge gurmak üçin gelýärler, gyş möwsüminde bolsa Hindistana, Pakistana hem-de Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýylly ýurtlaryna uçup gidýärler. Bathyz çäginde ol awgust aýynyň ortalarynda gözlegçileriň gözüne ilipdir.

Bu garaşylmadyk waka milli ornitologiýa ylymy üçin uly täzelik bolup, guşlaryň käwagt öz adaty göçýän ýollaryndan we mekanlaryndan örän uzakda hem peýda bolup bilýändigini subut etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌