Oýun sanawy

Türkmenistanyň demirgazyk sebitindäki teatrda Baba Gammar hakynda sahna oýny taýýarlanylýar

18 Iýun. 10:14

Çeşme

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyş döredijilik topary «Jennet mukamy» atly täze sahna oýnuny sahnalaşdyrmak boýunça işlerini tamamlap barýar. Spektaklyň ilkinji görkezilişi teatryň döredijilik sowgady hökmünde taýýarlanyldy we ol Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň Balkan welaýatynda geçirilýän günlerinde Daşoguz şäherinde tomaşaçylara hödürlener. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Milli rowaýata esaslanyp döredilen, saz we folklor öwüşginleri bilen baýlaşdyrylan bu täsirli sahna eseri teatryň režissýory Bekmyrat Hallyýew tarapyndan G. Daňatarowyň we N. Söýünowyň eseriniň esasynda goýuldy. Söýgi hem-de türkmen dutarynyň köptaraply gudratly güýji baradaky waka tomaşaçylary Baba Gammaryň ýaşlyk ýyllaryna alyp gidýär. Halk arasynda ol dutary ilkinji bolup ýasan hem-de bu milli saz guralynyň howandary diýlip hasaplanýar.

Haýran galdyryjy täsir edýän zehine eýe bolan ýaş Gammar uzak ýurtlaryň birine düşýär. Şol ýerde ol ýerli hökümdaryň ýeke-täk gyzyna aşyk bolýar. Baş gahrymana köp sanly synaglar we duşmanlarynyň päsgelçilikleri garaşýar. Mundan başga-da, onuň söýgüli gyzy agyr derde uçraýar. Paýhasly ýaşulynyň maslahat bermegi bilen Gammar dutar ýasaýar, şol dutaryň jadyly owazy bolsa gyzy sagaldýar. Täze spektaklda teatryň tanymal artistleri, şol sanda Türkmenistanyň at gazanan artistleri H. Şyhyýew we M. Seýidow çykyş edýärler. Gammaryň keşbini B. Döwliýew ussatlyk bilen janlandyrýar, hökümdaryň gyzynyň keşbini bolsa M. Aristanowa ýerine ýetirýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌