Oýun sanawy


Dünýä Modasy Indi Arkaçda — Ilkinji Resmi Mango Türkmenistana Geldi!
05 Dek. 14:161984-nji ýylda Barselonada döredilen dünýä meşhur moda brendi Mango, döwrebaplygy we täzeçilligi bilen meşhurdyr. Indi bolsa bu brend ilkinji gezek Türkmenistanda resmi ýagdaýda öz dükanlaryny açýar!
5-nji dekabrda "Arkaç" söwda we dynç alyş merkezinde täze Mango dükanynyň resmi açylyşy boldy!
Bu dükan dünýäde bar bolan müňlerçe dükanyň arasynda iň täzesi bolup, Türkmenistany Mango brendiniň işleşýän 113-nji ýurdy edýär.
Mango zenanlar, erkekler we çagalar üçin giň görnüşli kolleksiýalary hödürleýär. "Mangoda" - stil, hil we elýeterlik bir ýerde jemlenendir.
Ýerleşýän ýeri: Arkac SDAM, 1-nji gat
Habarlaşmak üçin: +993 71 064255
Mango bilen stilňe täzelik goş!
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalary manul pişigini öwrenmek boýunça bilelikdäki gözleg işlerini geçirdiler
Bugün 07:05«Köpetdag», «Bathyz», «Köýtendag» we «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleri Köpetdagyň beýik dag guşaklyklarynda täsin seýrek duş gelýän ýabany pişik bolan manuly gözlemek we gözegçilik etmek boýunça bilelikde giň göwrümli işleri geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Manul 2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde «ýitip barýan görnüş», Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) Gyzyl sanawynda bolsa «ýitmek howpuna ýakyn görnüş» derejesi bilen kesgitlendi. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň ortalarynda ýurdumyzyň daglyk bölgelerinde köp gabat gelen hem bolsa, soňky ýyllarda bu haýwan hakynda takyk maglumatlar örän azdy.
Ylmy işgärleriň 2018-nji ýyldan bäri geçirýän gözegçilikleriniň netijesinde manul pişigi Duşakerek dagynda, «Köpetdag» goraghanasynyň çäginde, Mürze dagynda, Daştoý deresinde, Uly Balkanda, golaýda bolsa Balkan welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdirligi bilen bilelikde geçirilen barlaglarda Kiçi Balkan dagynda fototuzaklaryň üsti bilen hasaba aldy.
Manul — gür tüýli, gysga aýakly, ýüzünde özboluşly gara zolaklary bolan kiçi göwrümli ýabany pişikdir. Beýleki pişik gurluşly haýwanlar bilen deňeşdirilende tizliginiň haýallygy sebäpli, ol öz awuny gemrijileriň hinleriniň hem-de gaýa jaýryklarynyň agzynda bukulyp awlaýar. Gizlenmek häsiýetiniň ýokarylygy sebäpli manul tebigatda örän seýrek duş gelýän we az öwrenilen görnüşleriň biri bolmagynda galýar.
Şeýle hem okanyň