Oýun sanawy

Ýewropa güni mynasybetli Aşgabatda «Dostlugyň ganatlary» atly halkara ylgawy geçiriler

04 Aprel. 05:54

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagtynda Ýewropa gününi dabaralandyrmak maksady bilen «Dostlugyň ganatlary: ÝB × Türkmenistan» diýlip atlandyrylan köpçülikleýin sport çäresi guralar. Bu halkara taslama Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan ýurduň Daşary işler ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Çäräniň guralmagyna Run-Rush jemgyýetçilik hereketi hem ýakyndan goldaw berýär.

Ylgaw bäsleşigi 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Garaşsyzlyk seýilgähiniň çäginde badalga alar. Ir sagat 08:00-da başlanjak ýaryşda gatnaşyjylara öz ukyplaryna görä 2, 5 we 10 kilometrlik aralyklar hödürlener. Şeýle-de isleg bildirýänler üçin ýörite uzaklyklar bellenilip, ýeňiji bolan sportçylara gymmat bahaly baýraklar gowşurylar. Baýramçylyk çäresi dürli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen sport oýunlary we gyzykly pursatlar bilen baýlaşdyrylar.

Bu sport baýramyna diňe bir ökde türgenler däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesini söýýän ähli raýatlar, dost-ýarlary we maşgalasy bilen wagtyny peýdaly geçirmek isleýänler gatnaşyp bilerler. Tertip-düzgün kadalaryna laýyklykda, 16 ýaşyna ýetmedik çagalar ýaryşa diňe hossarlarynyň gözegçiliginde goýberiler. Çäre Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary sportuň üsti bilen berkitmäge hyzmat eder.

Ylgawa gatnaşmak isleýänler üçin hasaba alyş işleri 7-nji we 8-nji aprelde sagat 16:00-dan 20:00-a çenli dowam eder. Hasaba alyş nokatlary hökmünde Hiroo Ashgabat (9-njy kiçi etrapça) hem-de Magtymguly şaýolunyň 150-nji jaýynda ýerleşýän dükany bellenildi. Ýaryşa ýazylmak üçin şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň ýanyňda bolmagy hökmanydyr. «Dostlugyň ganatlary» atly bu ylgaw paýtagtymyzyň sport durmuşynda möhüm waka öwrülip, parahatçylyk we agzybirlik ýörelgelerini dabaralandyrar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌