Oýun sanawy
Higgsfield AI — Gazagystanyň ilkinji milliard dollarlyk tehnologiýa kompaniýasy boldy
11 Okt. 07:212025-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda, Gazagystanda döredilen Higgsfield AI atly emeli aň ugrunda işleýän täze kompaniýa, bazar bahasy boýunça 1 milliard dollardan geçip, ýurduň ilkinji milliarder kompaniýasy hökmünde taryha girdi. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş direktory Aleks Maşrabow habar berdi.
Hyzmatlar we strategik ösüş
Higgsfield AI müşderilere aýratynlyklara eýe bolan AI modellerine abuna esasynda girmegi üpjün edýär. Ýakynda kompaniýa Alibaba-nyň Wan 2.5 modelini 100 million dollara satyn aldy. Bu mümkinçilikler arkaly ulanyjylar özboluşly kameraly hereketli wideo reklama we treýlerleri döredip bilerler.
Esaslandyryjy we girdeji görkezijileri
Aleks Maşrabow öň Snap Inc. kompaniýasynyň generatiw AI bölümine ýolbaşçylyk etdi. Ol bu üstünlikleriň diňe bir Higgsfield AI üçin däl, eýsem bütin Gazagystan üçin tehnologiýa ösüşinde täze bir döwri açýandygyny nygtady. Kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 50 million dollardan ýokary.
Maýa goýujylaryň we sebitlrýin täsir barada aýdylanda, Higgsfield AI dünýäniň öňdebaryjy maýa goýum fondlarynyň, şol sanda Menlo Ventures-iň goldawyny aldy. Bu fond öň Anthropic ýaly iri AI kompaniýalarynyň ösüşine hem gatnaşypdy.
Bellenilişine görä, bu üstünlik Merkezi Aziýanyň tehnologiýa meýdanynda täze başlangyçlara ýol açar we halkara maýa goýujylaryň ünsüni çekip biler.
Şeýle hem okanyň


Russiýanyň paýtagtynda iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň ýaş görkezijileri aýan edildi
10 Sen. 08:16Moskwa şäherinde häzirki wagtda iň uly ýaşly zenan ýaşaýjynyň 108 ýaşy, iň uly ýaşly erkek ýaşaýjynyň bolsa 105 ýaşy doldy. Bu barada şäheriň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanmak bilen «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Moskwada ortaça ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan gowrak bolar. Ýaşaýjylaryň ömür dowamlylygynyň mundan beýläk-de artmagy öňüni alyş lukmançylygynyň kämilleşmegi, emeli aň tilsimleriniň ornaşdyrylmagy hem-de şäher infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar.
Russiýa Federasiýasy boýunça ilatyň iň uzak ýaşaýan sebitleriniň sanawynda Inguşetiýa Respublikasy birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ýokary görkezijili sebitleriň hataryna Dagystan, Moskwa şäheri, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez respublikalary girdi.
Şeýle hem okanyň