Oýun sanawy

Luksoryň golaýynda ýaşy 3000 ýyla barabar bolan gadymy aramgäh tapyldy

15 Iýul. 11:45

Çeşme

Şu gün bütindünýä ylym we arheologiýa jemgyýetçiliginiň üns merkezinde duran esasy täzelikleriň biri hem Müsüriň meşhur Luksor şäheriniň golaýynda ýaşy 3000 ýyla barabar bolan täsin aramgäh toplumynyň ýüze çykarylmagydyr. Leýden uniwersitetiniň niderland arheologik ekspedisiýasy tarapyndan tapylan bu gadymy gurluşyk barada «CBS» telekanaly Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligine salgylanyp habar berýär. Bu tapyndy 2018-nji ýylda başlanan giň göwrümli ylmy-gözleg taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Tapylan toplum gaýada oýulyp ýasalan we tersine öwrülen «T» harpynyň şekilindäki ybadathana eltýän açyk howlyny öz içine alýar. Arheologlar howluda gowy saklanyp galan birnäçe binagärlik elementlerini, şol sanda girelgä eltýän ýapgyt pandusly basgançaklary we jaýlama sütünini goýmak üçin niýetlenen kerpiçden ýasalan oturgyçlary tapdylar. Aramgähiň içindäki ýazgylaryň kömegi bilen bu ýeriň Paser atly adama degişli bolandygy anyklanyldy. Tapylan suratlarda Paseriň hudaýlara sežde edip duran pursatlary hem-de aýaly bilen sowgatly stoluň başynda oturan şekilleri çekilipdir.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu tapyndy Gadymy Müsüriň XIX we XX nesilşalyklarynyň döwrüne — Ramessidler eýýamyna degişlidir. Häzirki wagtda arheologlar bu ýerde jaýlanan adamlaryň ählisiniň şahsyýetlerini we olaryň durmuşyny has çuňňur öwrenmegi meýilleşdirýärler. Bellemeli zat, 2025-nji ýylda hut şu sebitde 20 ýyldan gowrak dowam eden abatlaýyş işlerinden soň, Amenhotep III-niň döwrüne degişli başga bir uly aramgäh hem syýahatçylar üçin açylypdy. Bu bolsa Luksoryň dünýäniň iň möhüm arheologik merkezi hökmündäki statusyny has-da berkidýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌