Oýun sanawy

Parižiň «Disneyland» seýilgähi «Doňan ýüregiň dünýäsi» bilen giňeldildi

31 Mart. 16:12

Çeşme

Fransiýanyň paýtagtyndaky meşhur «Disneyland» dynç alyş merkezi öz taryhynda iň uly özgerişlikleriň birini amala aşyrdy. Seýilgähiň çäginde meşhur «Doňan ýürek» animasiýa filminden ylham alnyp döredilen täze tematik zolak resmi taýdan açyldy. Bu täze taslama seýilgähiň umumy ösüşi üçin goýberilen 2 milliard ýewrolyk uly maýa goýum maksatnamasynyň esasy bölegidir.

Täze açylan zolagyň merkezinde şazada Elzanyň haýrana galdyryjy buzly köşgi we Skandinawiýa binagärlik stilinde gurlan Erendell şäherçesi ýerleşýär. Bu ýere gelýän syýahatçylar multfilmiň jadyly dünýäsine aralaşyp, gahrymanlaryň ýaşan gurşawyny öz gözleri bilen görüp bilerler. Bu giň gerimli gurluşyk işleri seýilgähiň 34 ýyllyk taryhyndaky iň uly täzeleme taslamasy hökmünde hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, «Walt Disney Studios Park» seýilgähiniň ady hem mundan beýläk «Disney Adventure World» diýlip tutular.

Bu strategiýa Disney kompaniýasynyň dünýä boýunça amala aşyrýan 60 milliard dollarlyk maýa goýum meýilnamasynyň bir bölegidir. Mundan başga-da, bu waka kompaniýanyň mart aýynyň ortalarynda wezipesine başlan täze ýolbaşçysy Joş D’Amaronyň döwründäki ilkinji iri göwrümli açylyş boldy. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem bu taslamanyň ýurduň ykdysadyýeti we syýahatçylyk pudagy üçin ähmiýetini ýokary bahalandyrdy. Onuň bellemegine görä, seýilgähiň giňeldilmegi netijesinde azyndan 1000 sany täze iş orny dörediler.

1992-nji ýylda işe başlan Pariž «Disneylandi» häzirki wagta çenli 445 milliondan gowrak syýahatçyny kabul etdi we Ýewropanyň iň meşhur dynç alyş mekanlarynyň biri bolmagynda galýar. Täze «Doňan ýüregiň dünýäsi» zolagynyň goşulmagy bilen, gelýänleriň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar. Ýyllaryň dowamynda bu merkeze goýlan umumy maýa goýumlaryň mukdary eýýäm 13 milliard ýewrodan geçdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌