Oýun sanawy


Fransiýada häkim çybynlaryň kommunanyň üstünden uçmagyny gadagan etdi
05 Sen. 10:48Fransiýanyň Sen-Žýust-Sen-Ramber kommunasynyň häkimi Oliwýe Žoli ýerli ilatyň çäginde gaplaň çybynlarynyň uçmagyny resmi taýdan gadagan edýän adaty bolmadyk karar çykardy. Bu barada «BFMTV» teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» neşiri habar berýär.
Häkimiň bu adaty bolmadyk ädime girmegine howanyň adatdan daşary yssy bolmagy we mör-möjekleriň çalt köpelmegi sebäp boldy. Öň diňe tropiki sebitlerde duş gelýän gaplaň çybynlary indi Fransiýada hem giňden ýaýrap, dürli ýokanç keselleri geçirijiler hökmünde uly howp döredýärler.
Parižiň gündogar tarapynda ýerleşýän kommunanyň baştutanynyň 1-nji sentýabrda gol çeken kararynda degişme görnüşinde «düzgüni bozan çybynlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi» bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde häkim ýaşaýjylara has оýlanyşykly maslahat berdi: çybynlaryň köpelmezligi üçin çüňklerde we gaplarda duran suwlary döküp, ulanylmaýan howuzlaryň üstüni örtmegi haýyş etdi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.