Oýun sanawy

Alymlar 550 million ýyl ozal bar bolan ägirt superyklymyň kartasyny dikeltdiler: ol gury ýeriň 80 göterimini tutupdyr

16 Sen. 10:29

Çeşme

Hytaýyň Geologiýa ylymlary akademiýasynyň gözlegçileri emeli aňyň kömegi bilen takmynan 550 million ýyl ozal bar bolan gadymy Gondwana superyklymynyň çäklerini täzeden öwrendiler. Magmadan ybarat dag jynslarynyň 25 müňden gowrak nusgasyny derňemek arkaly alymlar Ýeriň gabygynyň öň näbelli bolan gatlaklaryny ýüze çykardylar. Netijede, Gondwananyň öň bellenilişi ýaly gury ýeriň 64 göterimini däl-de, eýsem 80 göterimini eýeländigi belli boldy.

Geologlaryň pikiriçe, superyklymyň şeýle ägirt uly bolmagy Ýer şarynda Dünýä ummanynyň derejesine hem-de atmosferanyň düzümine uly täsir edipdir. Bu ýagdaý takmynan 541 million ýyl ozal Kembriý partlamasyna, ýagny Ýer yüzünde biodürlüligiň duýdansyz artmagyna we çylşyrymly ýaşaýyş görnüşleriniň emele gelmegine güýçli itergi beripdir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy

Bugün 10:24

Çeşme

Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.

Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.

Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌