Oýun sanawy


Hytaýda barbekýu sungatyny öwredýän ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebi açyldy
24 Mart. 10:51Hytaýyň Ýueýan şäherinde dünýäde deňi-taýy bolmadyk bilim taslamasy — çişlik we barbekýu taýýarlamagyň inçe syrlaryny öwredýän uniwersitet işe başlady. Bu okuw mekdebi Ýueýan açyk uniwersiteti bilen ýerli Barbekýu assosiasiýasynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde döredildi. Täze bilim maksatnamasy ýurduň taryhynda göni barbekýu senagatyna hyzmat edýän ilkinji resmi hünär okuwy hökmünde hasaba alyndy.
Şäher häkimiýetleriniň bu ädimi tötänleýin däl, sebäbi Ýueýan özüniň üýtgeşik aşhana medeniýeti bilen tanalýar. Häzirki wagtda bu şäherde 2 müňden gowrak barbekýu restorany hereket edip, olar her gün ortaça 291 million dollar girdeji getirýärler. Bu pudak diňe bir ykdysady peýda bermän, eýsem 50 müňe golaý adamy durnukly iş orunlary bilen hem üpjün edýär.
Okuw maksatnamasynyň dowamlylygy üç ýyl bolup, talyplara 30-dan gowrak tejribeli ussat aşpezler bilim berýärler. Okuwyň dowamynda diňe bir nahar bişirmek däl, eýsem önümleri saýlamak, kömürde işlemegiň tehnologiýasy we hyzmatdaşlyk medeniýeti hem öwredilýär. Uniwersitetiň dekany Hu Szýuanyň sözlerine görä, täze hünäre bolan isleg garaşylýan mukdardan ep-esli ýokary boldy.
Okuwy üstünlikli tamamlan talyplara adaty diplom bilen bir hatarda, döwlet derejesinde ykrar edilen hünärmen güwänamasy gowşurylar. Bu resminama uçurymlaryň zähmet bazaryndaky ornuny berkidip, olara iň döwrebap restoranlarda işlemek mümkinçiligini berer. Şeýlelikde, Hytaýyň bu täzeçil çemeleşmesi aşhana sungatyny ylmy esasda ösdürmegi we hünär derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.