Oýun sanawy


Fransiýanyň paýtagtyndaky iň iri sungat ojagy bolan Luwra ýolbaşçylyk edýän Lorans de Kar öz wezipesini tabşyrdy. Ýurduň baştutany Emmanýuel Makron bu işden gitmek baradaky haýyşnamany kabul edip, muny asylly we jogapkärli çemeleşme hökmünde häsiýetlendirdi. Resmi taraplaryň pikiriçe, häzirki wagtda muzeýe täzeçe garaýyşly, howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmäge we dolandyryşy döwrebaplaşdyrmaga ukyply täze ýolbaşçy zerurdyr.
Bu kadr çalşygy muzeýde ýüze çykan birnäçe şowsuzlyklaryň yzýanyna gabat geldi. Geçen ýyl bolup geçen uly ogurlykdan soň, indi bolsa petek söwdasyndaky bikanun amallar äşkerä çykdy. Polisiýanyň maglumatyna görä, 10 million ýewro möçberindäki maliýe jenaýaty bilen baglylykda eýýäm dokuz sany şübheli şahsyýet tussag edildi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň