Oýun sanawy


Sankt-Peterburgda rekord derejede gülleriň gatnaşmagynda XIV Çigildem festiwaly geçirilýär
18 Maý. 08:01Sankt-Peterburg şäheriniň Ýelagin adasynda ýerleşýän Kirow adyndaky Merkezi medeni we dynç alyş seýilgähinde XIV Çigildem festiwaly öz işine başlady. Bu ýylky çäre özüniň gerimi boýunça rekord goýdy: seýilgähiň çäginde 226 müňden gowrak çigildem düýbi ekildi. Ýedi sany iri gülzarlykda dürli reňkli we görnüşli gülleriň pajarlap açylmagy şäheriň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ajaýyp gözellik dünýäsini döretdi.
Festiwalyň açylyş dabarasy geçen dynç günleri, ýagny 16-njy we 17-nji maýda uly dabara bilen geçirildi. Gülleriň açylyşynyň iň täsirli döwrüne gabat gelen bu günler myhmanlara unudulmaz pursatlary peşgeş berdi. Guramaçylaryň habar bermegine görä, festiwalyň esasy çäreleri öňümizdäki dynç günlerinde — 23-nji we 24-nji maýda hem dowam eder.
Çigildemleriň gözelliginden lezzet almagyň ýany bilen, festiwalyň maksatnamasy dürli medeni çäreleri hem öz içine alýar. Myhmanlar üçin sazly çykyşlar, tans sapaklary, dürli ussatlyk synplary we akwarel eserleriniň sergisi guraldy. Emma şu ýylky festiwalyň iň özboluşly wakasy Ýelaginoostrowskiý köşgüniň muzeýinde açylan "Şeker bezeg sungaty" atly sergidir.
Taryhy naharhana zalynda ýerleşdirilen bu sergide şekerden we karamelden ussatlyk bilen ýasalan ajaýyp heýkeller hem-de nepis emeli güller görkezilýär. Sankt-Peterburgyň Medeniýet komitetiniň habar bermegine görä, bu inçe sungat eserleri imperator maşgalasynyň taryhy atmosferasyny döretmäge ýardam edýär. Köşkdäki bu sergini synlamak isleýänler muzeý petekleri arkaly kabul edilýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.